Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Porta hyzmat ediş

Portyň düzüminde porta hyzmat ediş binalary we meýdançalary göz öňünde tutulandyr. Hyzmat ediş binalarynyň çäginde ençeme desgalar we meýdançalar gurnaldy. 

Gurnalan binalar gözegçilik diňi, saglyk merkezi, içeri işler gullugy üçin bina, migrasiýa gullugy üçin bina, gümrük gullugy üçin bina, myhmanhana, demir ýol dolandyryş binasy, portyň dolandyryş işgärleri üçin iş otaglaryndan ybarat. 

Şeýle porty elektrik energiýasy bilen üpjin etmek maksatly stansiýa meýdançalary, otlulylaryň manewra etmekleri üçin niýetlenen meýdança, awtoduralgalar portyň hyzmat ediş meýdançalarynyň çäginde gurnaldy. Portyň ähli düzümlerini kamera ulgamy arkaly gözegçilikde saklamak maksatly hem ýörite ulgam döredildi.