Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Polipropilen terminaly

  • Umumy Meýdany: 62 000 m2

  • Kuwwaty: 120 000 tonna

  • Duralganyň göwrümi: 3 gämi

 

Umumy maglumat

Hormatly Prezidentimiziň sebitara we halkara derejede düýbüni tutan önümçilik desgalarynyň esasylarynyň biri hem Hazar deňziniň kenaryndaky Gyýanly şäherçesinde ýylda 386 müň tonna polietilen hem-de 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenen gazhimiýa toplumydyr.

Bu önüm Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çykarylýan nebit önümleriniň sanawynda möhüm orun eýeleýär. Oňa dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär.

Terminalyň giňeldilmegi arkaly deňiz portundan ýylda 120 000 tonna polipropilen iberiler.

Giňeldilme işlerinden soňra 62 000 inedördül metr meýdana barabar bolan terminalda polipropileniň tebigy şertlerden zaýalanmazlygy üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutuldy.

Terminalda ýerleşdirilen demir relsde hereket edýän 45 tonna ýük göterijilikli we 17 metr aýlanma burçly port kranlary şol bir wagtyň özünde 3 sany 5000 DWT-lik krana ýükleme we düşürme işlerini amala aşyrar.