Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmençe Русский English
Türkmençe Русский English

Gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň düzümindäki gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýurdumyzda gämi gurluşyk ulgamy boýunça ilkinji ädim bolup, milli ykdysadyýetimize we ýurdumyzyň deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösmegine uly goşant goşar.

Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 000 tonna polady işläp, halkara ölçeglerine gabat gelýän häzirki zaman tehnologik enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen 4-6 gäminiň gurulmagyna niýetlenendir. Mundan başga-da bu önümçilik desgasynda ýylda 2000 tonna polat işlemek arkaly 20-30 sany gäminiň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçilik bardyr.

Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze ýygnalan we bejergileri tamamlanan gämileri suwuň üstüne düşürmek we abatlamak maksady bilen suwdan galdyrmak üçin 10 000 tonna göterijilikli gämi galdyrma we süýşürme ulgamy gurnaldy.

Desgada gurnalan 80 tonna göterijilikli tekerli port krany; 40, 60, 80 tonna göterijilikdäki relslerde hereket edýän kranlar dürli maksatly önümçilik işleri üçin ulanylar. Zawodyň dolandyrma ulgamynda gämi dizaýny, taslama dolandyrylyşy, üpjünçilik, bejeriş, önümçilik, tehniki hyzmat ediş, hil we zähmet ediş howpsuzlygy bilen bagly bölümler utgaşdyrylan ýagdaýda işleri alyp bararlar.

Umumy meýdany 166 000 inedördül metre barabar bolan zawodda jemi 1160 adam zähmet çeker.

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň alyp barýan işleri barada has giňişleýin maglumaty şu faýldan ýükläp bilersiňiz.